Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

“Talyban” ozalky Guantanamo tussaglaryny syýasy edarasynyň wekilleri hökmünde belledi


ABŞ-nyň Guantanamo aýlagyndaky harby türmesi. Arhiw suraty.

“Talyban” ABŞ-nyň Guantanamo aýlagyndaky harby türmesinde on ýyldan hem aşa wagt saklanan bäş jeňçini özüniň Katardaky syýasy edarasynyň agzalary edip belländigini aýdýar.

Maglumata görä, “Talybanyň” ozalky kommandirleri – Mohammad Fazl, Mohammad Nabi, Khairullah Khaikhwa, Abdul Hak Wasik we Nurullah Nuri geljekde Owganystan bilen bagly geçiriljek islendik parahatçylyk gepleşiklerine gatnaşarlar.

“Talybanyň” metbugat wekili Zabiullah Mujahid ozalky kommandirleriň 2014-nji ýylda Kubadaky türmeden azatlyga goýberilenden soň, Katarda ýerleşendiklerini, emma häzire çenli hiç hili syýasy prosseslere gatnaşmandyklaryny aýtdy.

Bu aralykda, Owganystandaky 17 ýyl bäri dowam edýän urşy bes etmek ugrunda gepleşiklere başlamak üçin tagalla edilýär.

Şu aýyň başynda, “Talybanyň” wekilleri özüniň Katardaky edarasynda ABŞ-nyň Owganystan boýunça ýörite wekili Zalmaý Khalilzad bilen duşuşypdylar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG