Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rohani eýranlylary “agyr” aýlara taýýarlanmaga çagyrdy


Eýranyň prezidenti Hassan Rohani
Eýranyň prezidenti Hassan Rohani

Prezident Hassan Rohani eýranlylara ýüzlenip, ABŞ-nyň Tährana garşy girizjek täze sanksiýalary netijesinde, ýurtdaky ýagdaýlaryň has-da ýaramazlaşmagynyň mümkindigi barada duýdurdy.

“Soňky aýlarda adamlaryň ýagdaýy gaty agyr boldy. Munuň öňümizdäki aýlarda hem dowam etmegi mümkin” diýip, Rohani hökümetiň mejlisinde çykyş etdi.

Prezident Donald Tramp maýda ABŞ-ny 2015-nji ýylda baglaşylan Ýadro ylalaşygyndan çykarypdy. Şeýle-de, Waşington awgustdan başlap Tährana garşy sanksiýalary ýaňadandan girizip başlady. Mundan öň bu sanksiýalar, Ýadro ylalaşygynyň şertlerine laýyklykda, Eýranyň öz ýadro programmasyndan el çekmeginiň öwezine aradan aýrylypdy.

Eýranyň nebit pudagyna garşy gönükdirilen sanksiýalaryň ikinji tapgyry noýabrda güýje girmeli.

Rohani bu hereketleri “täze adalatsyzlyk” atlandyryp, “hökümetiň meseleleri aradan aýyrmak üçin özüniň ähli mümkinçiliklerinden peýdalanjakdygyny” aýtdy.

Eýranyň ykdysadyýeti häzir agyr günleri başdan geçirýär. Bu sebäpli, soňky aýlaryň dowamynda ýurduň dürli künjeklerinde protestler hem ýüze çykypdy.

XS
SM
MD
LG