Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Stambulyň baş prokurory Khaşogginiň bogulyp öldürilendigini aýdýar


Saud Arabystanynyň Stambuldaky konsulhanasy.
Saud Arabystanynyň Stambuldaky konsulhanasy.

Stambulyň baş prokurory žurnalist Jamal Khaşogginiň saudlaryň konsulhanasyna giren pursady bogulyp öldürilendigini, soňy bilen-de onuň jesediniň “böleklere bölünendigini” aýtdy.

Saud Arabystanynyň tagt başyndaky şazadasy Muhammad bin Salmanyň ýiti tankytçysy bolan Khaşoggi 2-nji oktýabrda saudlaryň Stambuldaky konsulhanasyna gireninden soň ýitirim bolupdy.

Žurnalistiň öldürilmegi halkara derejesinde nägileligi döredipdi.

Riýadh şa maşgalasynyň bu waka bilen ilteşiginiň ýokdugyny aýdýar.

Saudlar žurnalistik bilkastlaýyndan öldürilendigini boýun alyp, muňa jogapkär ähli kişiniň adalata çekiljekdigini söz berdi.

Türkiýe bu waka bilen ilteşikli bolmakda aýyplanyp tussag edilen 18 şahsyýetiň ekstradisiýa edilmegini gazanjak bolýar.

XS
SM
MD
LG