Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Freedom House: Dünýäde internet azatlygy gowşamagyny dowam etdirýär


Freedom House guramasynyň hasabatynyň netijelerini görkezýän karta.
Freedom House guramasynyň hasabatynyň netijelerini görkezýän karta.

“Dünýäde demokratik debatlara we şahsy durmuşyň el degirilmesizligine edilýän hüjümleriň netijesinde internet azatlygy gowşamagyny dowam etdirýär... bu hem digital awtoritarizme getirýär” diýip, adam hukuklaryna gözegçilik edýän Freedom House guramasynyň soňky hasabatynda bellenilýär.

Düýbi ABŞ-da ýerleşýän guramanyň hasabatynda dünýäniň 65 döwletindäki internetiň ýagdaýy seljerilýär. Hasabat 2017-nji ýylyň iýuny – 2018-nji ýylyň maýy wagt aralygyny öz içine alýar.

Hasabatda awtoritar režimleriň “fake news”, ýagny “ýalan habarlar” bilen göreşýändigini aýdyp, maglumatlaryň akymyna gözegçilik edýändikleri nygtalýar. Netijede, iň azyndan 17 döwlet onlaýn media gözegçiligi güýçlendirmek üçin kanunlary kabul edipdir, ýa-da degişli taslamalary hödürläpdir.

Freedom House ýurtlary üç: azat, ýarym-azat we azat däl diýen toparlara böldi.

Hasabatda bellenilşi ýaly, dünýädäki iň azat internet Estoniýada, Islandiýada we Kanadada bolup; ol Hytaýda, Eýranda, Siriýada we Efiopiýada has köp çäklendirilýär.

Hasabat döwründe Özbegistanda internet azatlygynyň ýagdaýy gowulanypdyr. Freedom House Özbegistanda häkimiýet başyna Şawkat Mirziýoýew geçenden soň, onuň ýurdy daşary açmak ugrunda tagalla edip başlandygyna hem ünsi çekdi.

Emma, muňa garamazdan Özbegistan hasabatda “azat däl” diýen topara goşuldy. Bu toparda başga-da Gazagystan, Russiýa, Belarus we Eýran ýerleşdirildi. Gyrgyzystan “ýarym-azat” diýen toparda orun aldy.

Freedom House guramasynyň hasabatynda Türkmenistandaky internetiň ýagdaýy barada gürrüň edilmese-de, türkmen häkimiýetleri, beýleki guramalar tarapyndan, internete berk senzura ornaşdyrmakda tankytlanýarlar. “Serhetsiz Reportýorlar” guramasy bolsa, türkmen prezidentini “Internetiň ganym duşmany” atlandyrypdy.

XS
SM
MD
LG