Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Halkara sport ýaryşynyň açylyş dabarasynda Aşgabatda esasy köçeler ýapyldy


Aşgabadyň köçeleriniň birinde ulag hereketi çäklendirilýär. 29-njy maý, 2015-nji ýyl, Illýustrasiýa suraty, Arhiwden alyndy

Düýn 1-nji noýabrda Aşgabatda geçirilýän Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň açylyş dabarasy boldy. Munuň bilen baglylykda häkimiýetler paýtagtyň protokol köçeleriniň ählisinde awtoulaglaryň hereketini togtatdy.

Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy agşam sagat 8-de başlan dabaradan iki ýarym sagat çemesi ozal, Polisiýanyň ýol gözegçilik gullugynyň protokol köçelerde ulaglaryň hereketini doly ýatyrandygyny habar berýär.

Häkimiýetleriň paýtagtyň esasy köçelerinde ulag hereketini çäklendirmek çäreleri giç agşama çenli dowam etdi.

Galyberse-de, Azatlyk Radiosynyň aşgabatly habarçysynyň maglumatlaryna görä, Aşgabadyň protokol köçelerinde 2-nji noýabr güni köpçülikleýin transport serişdeleriniň hereketine rugsat berilmeýär. Bu ýagdaý işe we okuwa gatnaýan raýatlara, ýa-da bolmasa özüniň şahsy derwaýys işi boýunça hereket etmäge zerurlyk duýýan adamlara oňaýsyz täsir edýär.

Paýtagtyň demirgazygyndan günortasyna ugraýan Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, Atatürk köçesi, Garaşsyzlyk şaýoly, Bitaraplyk şaýoly protokol köçeleriň hatarynda bolup, olara birikýän On ýyl abadançylyk köçesi, Atamyrat Nyýazow şaýoly hem esasy köçeleriň hatarynda agzalýar.

Şeýle-de, Oguz han köşkler toplumyna hem-de Oguzkent myhmanhanasyna çykýan köçeler hem paýtagtda geçirilýän esasy çäreleriň dowamynda ýapylýar, diýip habarçymyz belledi.

Aşgabatda geçirilýän giň gerimli çärelere gabatlap, Türkmenistanda häkimiýetleriň ilatyň hereketini çäklendirmegi indi täzelik däl.

Paýtagtyň ýaşaýjylary şuňa meňzeş, ýöne has güýçlendirilen hereket çäklendirmelerine mundan ozal 2017-nji ýylyň sentýabr aýynda geçirilen Ýapyk binalardaky Aziýa oýunlarynyň dowamynda şaýat bolupdy.

Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçylarynyň gürrüň bermeklerine görä, Aşgabatda geçirilýän döwlet baýramçylyklarynyň dowamynda, ýa-da bolmasa tigir sürmek boýunça geçirilýän köpçülikleýin çärelerde, şeýle-de halkara sport ýaryşlaryna degişli esasy wakalarda ýollar ýapylyp, ilatyň hereket mümkinçilikleri ýygy-ýygydan çäklendirilip durulýar.

Ýerli ýaşaýjylara döredilýän oňaýsyzlyklar olaryň gündelik durmuşyna öz täsirini ýetirýär.

Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty Aşgabatda 1 – 10-njy noýabr aralygynda geçirilýär.

Türkmen metbugatynyň habaryna görä, oňa dünýäniň tas 100-e golaý ýurdundan 800-e golaý türgen gatnaşýar. Media gulluklarynyň wekilleri we beýlekileri goşanyňda jemi gatnaşyjylaryň sany, resmi habarlardan çen tutulsa, 1 müň 300 myhmana golaýlaýar. Olara jemi 500 ýerli meýletinçi ýolbeletlik edýär.

Ýeri gelende aýtsak, Azatlygyň habarçysy, gürrüňi edilýän meýletinçileriň çäreleriň dowamynda geýmäge mejbur bolan sport lybaslaryny we aýakgaplaryny öz hasaplaryna satyn almaga mejbur edilýändigini, olaryň jemi bahasynyň 900 manada barabar bolýandygyny habar beripdi.

Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň açylyş dabarasyna degişli çärelere taýýarlyk işleri paýtagtda býujet işgärleriniň köpçülikleýin gatnaşdyrylmagynda 20-nji oktýabrdan bäri dowam edýärdi.

Bu barada Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçylary mundan ozal habar beripdi.

Açylyş dabarasynyň taýýarlyk işlerine ýolbaşçylyk edýän režissýorlar jemi 14-15 müňe golaý adamyň mejbury çärelere çekilýändigini, olaryň hatarynda okuwçylaryň, talyplaryň, medeniýet we aň-bilim pudagynyň işgärleriniň, sport türgenleriniň bardygyny Azatlygyň ýerli habarçysyna gürrüň beripdi.

Onuň sözlerine görä, býujet işgärleriniň, okuwçylaryň we studentleriň hataryndan saýlanan adamlar Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň açylyş dabarasyna tomaşaçy hökmünde gatnaşmaga borçly edildi.

Türkmen resmileri şeýle ýaryşlaryň Aşgabatda geçirilmeginiň Türkmenistanyň halkarara abraýyna goşant goşýandygyna ynanýar. Munuň şeýledigini olaryň döwlet mediasynda edýän çykyşlarynda göz ýetirmek bolýar.

Agzalýan hereket çäklendirmeleri babatda ýurduň habar serişdelerinde gürrüň gozgalmaýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG