Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow owgan resmisi bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegi maslahatlaşdy


Ekspertler Türkmenistanyň TOPH we TOT taslamalarynyň amala aşmak mümkinçiligine barha kän şübhe bildirýärler.
Ekspertler Türkmenistanyň TOPH we TOT taslamalarynyň amala aşmak mümkinçiligine barha kän şübhe bildirýärler.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 2-nji noýabrda Owganystanyň maliýe ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Mohammad Humaýun Kaýumini kabul etdi.

Duşuşygyň barşynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçilikleri hakynda pikir alşyldy diýip, TDH gepleşikleriň detallaryny açmazdan habar berýär.

Neşiriň maglumatyna görä,söwda-ykdysady ulgamy, ulag we kommunikasiýalar, elektroenergetika hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde bellenildi.

Taraplar TOPH halkara gaz geçirijisini, Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan demir ýoluny, şeýle hem Owganystana çekilýän elektrik geçiriji ulgamy gurmagyň taslamalaryny amala aşyrmagyň möhümdigini bellediler.

Owganystandaky howpsuzlyk meseleleri we sebitdäki syýasy-ykdysady özgerişlikler bilen baglylykda, ekspertler Türkmenistanyň TOPH we TOT taslamalarynyň amala aşmak mümkinçiligine barha kän şübhe bildirýärler.

XS
SM
MD
LG