Azatlyk Radiosy bilen habarlaşýan käbir türkmen bosgunlaryň aýtmagyna görä, Türkiýäniň Göç edarasy bir ýyldan bäri olaryň BMG-däki statusyny ýatyryp, ýurdy terk etmeklerini soraýar.
Netijede, bolmaly şäherinden başga ýere gidenler deportasiýa merkezlerinde göz astynda saklanyp, bosgunlykdan çykmagy üçin basyşlara duçar edilýär.
Düzgüni bozmadyklaryň bolsa, elinden dokumentleri alnyp, bar bolan ýaşaýyş rugsady ýatyrylyp, bir aýyň içinde ýurtdan çykmagy talap edilýär.
Türkiýedäki türkmenistanly bosgunlar şikaýat suduna ýüz tutýan hem bolsa, oňaýly netije alyp bilmeýärler. Şonuň üçin hem olar häzir öz ykballarynyň adam hukuklaryny goraýan halkara guramalara baglydygyny öňe sürýärler.
Azatlyk Radiosy şu ýagdaýdan ugur alyp, "Dünýä türkmenleri" gepleşiginiň bu sanyny Türkiýedäki türkmenistanly bosgunlaryň problemalaryna gönükdirýär.
Gepleşigi diňläp, bu ugurdaky tejribeleriňizi we garaýyşlaryňyzy aşakdaky foruma ýazyp bilersiňiz.
Teswirleri gör (16)
Has köp teswir ýükle