Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Gapma-garşylykly özbek biznesmeni çeper höwesjeň bokçylaryň federasiýasynyň prezidentligine saýlandy 


Gafur Rahimow AIBA-nyň Moskwada geçirilen kongresinde.

Gurmaçylykly jenaýatçylyk bilen ilteşikli diýilýän özbek biznesmeni, bu sportuň Olimpiýa oýunlaryndan çykarylmagyna getirmek ähtimallygyna garamazdan, çeper höwesjeň bokçylaryň federasiýasynyň (AIBA) prezidentligine saýlandy.

Gafur Rahimow AIBA-nyň 3-nji noýabrda Moskwada geçirilen kongresinde 134 sesden 84-sini alyp, özüniň ýeke-täk garşydaşy, gazagystanly ozalky boksçy Serik Konakbaýewden üstün çykdy.

Rahimow, halkara gerion gaçakçylygy bilen ilteşikli diýlip, ABŞ-nyň Gazna departamentiniň sanksiýalar sanawyna girizildi. Bu sanksiýalar ABŞ kompaniýalarynyň we raýatlarynyň onuň bilen hyzmatdaşlyk etmeklerini gadagan edýär. Rahimow özüniň bikanun iş edendigini ret edýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG