Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Azeri resmileri Gansada iki ekstremistiň öldürilendigini aýdýarlar


Azeri polisiýasy. Arhiwden alnan surat.

Azerbaýjanyň ikinji uly şäheri Gansada polisiýa dini ekstremist bolmakda güman edilýän iki adamy öldürdi.

Azerbaýjanyň Döwlet Howpsuzlyk Gullugynyň maglumatyna görä, Famil Alakbarow we Rustam Rzaýew polisiýanyň ulagy saklamak talabyna boýun bolman, howpsuzlyk işgärlerine ot açanyndan soň öldürilipdirler.

Resmiler Alakbarowyň we Rzaýewiň “radikal ekstremist jeňçi toparynyň agzalary bolandygyny” aýdyp, olaryň terroristiki hüjümi gurnamak üçin ýaraglary we partladyjy serişdeleri alandyklaryny hem bellediler.

Döwlet Howpsuzlyk Gullugynyň beýanatynda ulagdan AK-47 kysymly awtomatyň, partladyjylaryň we el granatlarynyň tapylandygy aýdylýar.

Döwlet resmileriniň maglumatyny beýleki garaşsyz çeşmeler arkaly tassyklatmak başartmady.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG