Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Sibirde köpriniň ýumrulmagy netijesinde iki adam öldi


Hanty-Mansiýsk regionynda bir köpriniň ýumrulmagy netijesinde iki adam öldi. 5-nji noýabr, 2018 ý.

Russiýanyň Sibirdäki Hanty-Mansiýsk regionynda abatlanyş işleri geçirilýän bir köpriniň ýumrulmagy netijesinde iki adam öldi, başga-da bäşisi ýaralandy.

Ýerli resmiler Karakteýewy obasynyň golaýyndaky Nefteýugansk etrabynda ýüze çykan hadysada gurluşyk kranynyň we ýük ulagynyň hem suwa gaçandygyny mälim etdiler.

Russiýada soňky hepdeleriň dowamynda eýýäm dördünji köpri ýumruldy.

Oktýabryň başynda uzak gündogardaky Primorýe regionynda bir köprüniň ýykylmagy netijesinde, ýük ulagynyň sürüjisi ýaralanypdy. 26-njy oktýabrda gürrüňi gidýän sebitde ýene bir köpri ýumrulyp, iki adamyň ölmegine sebäp bolupdy. Geçen aý Mordawiýa sebitinde hem bir köpri weýran bolupdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG