Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 6-njy noýabrda Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyogluny kabul etdi.
TDH-nyň maglumatyna görä, taraplar ikitaraplaýyn haryt dolanyşygyny artdyrmak, maýa goýum işjeňligini höweslendirmek, dürli ugurlarda işewür hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin amatly şertleriň bardygyny bellediler.
Şeýle-de neşir Hisarjyklyoglunyň türk kompaniýalarynyň Türkmenistandaky taslamalary amala aşyrmaga işjeň gatnaşmaga taýýardygyny tassyklandygyny habar berýär. Şol bir wagtda gepleşikleriň hiç bir jikme-jikligi anyklaşdyrylmaýar.
Habarlardan mälim bolşy ýaly, Türkmenistanda iri gurluşyk taslamalaryny amala aşyran türk kompaniýalary soňky ýyllarda Aşgabat bilen arada dörän dürli ylalaşmazlyklar esasynda türkmen bazaryndan çekilmäge köp ýykgyn edýär.
Вакцинаны Хытай довлетинден алан болсалар говы боларды ,Турк доганларымыздан горелде алып ,шонда ялнышмарыс! Тебигы газымыз бн хасаплашып хем билердик! Хер бир затда Кремльин межбур эдени билен ,оларын диенини эдибермелими , онсузам 30(отуз) йыл туркмен халкыны косап гелйарлер,ягны олары адам хасабында гормани!