Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hökümet hristian aýalyň Pakistany terk edendigini ret edýär


 Küpür geplemek aýyplamasyndan aklanan hristian zenany Asia Bibi, arhiwden alnan surat. 2017 ý.
Küpür geplemek aýyplamasyndan aklanan hristian zenany Asia Bibi, arhiwden alnan surat. 2017 ý.

Pakistanyň Daşary işler ministrligi küpür geplemek aýyplamasyndan aklanan hristian zenany Asia Bibiniň ýurdy terk edendigini ret etdi. Bibi, aklawçysy Saiful Muloogyň we Ýewropa parlamentiniň prezidenti Antonio Tajaniniň sözlerine görä, 7-nji noýabrda türmeden boşadyldy.

"Asia Bibi türmeden çykdy we howpsuz ýere geçirildi” diýip, Ýewropa parlamentiniň prezidenti Antonio Tajani 7-nji noýabrda twitterde ýazdy. "Men Pakistanyň häkimiýetlerine sagbolsun aýdýaryn. Men onuň özi we maşgalasy bilen mümkin boldugyça tiz wagtdan Ýewropa parlamentinde duşuşmaga garaşýaryn” diýip, Tajani ýazdy.

Mulook, metbugatda sitirlenen sözlerine görä, Bibiniň öz ýakyn maşgala agzalary bilen Pakistandan uçup çykandygyny, emma haýsy ýurda barýandygyny bilmeýändigini aýdypdyr.

Emma muňa garamazdan, Pakistanyň Daşary işler ministrliginiň sözçüsi Mohammad Faisal media bu habaryň esasynyň ýokdugyny aýtdy.

Ady aýdylmaýan howpsuzlyk resmisiniň sözlerine görä, Bibi Panjap welaýatyndaky Multan türmesinden boşadylyp, hüjüm edilmeginden howatyr edilip, Yslamabatda bir aýdylmaýan ýere alnyp gidildi diýip, “Associated Press” we “Roýters” ýazýar.

XS
SM
MD
LG