Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Türkmenistan Owganystanyň Akina şäherçesinde 500 orunlyk metjit gurdurar


Aşgabat, Parahat-8 etrapçasynda gurlan täze metjit.

Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 9-njy noýabrda Türkmenistanyň Owganystandaky (Mazari-Şarif şäheri) konsullygyna Farýab welaýatynyň Akina şäherçesinde 500 orunlyk metjit gurdurmak barada şertnamaga baglaşmaga ygtyýar berýän karara gol çekdi.

TDH-nyň maglumatyna görä, türkmen konsullygy metjit gurdurmak üçin Owganystanyň “Ghazanfar Construction, Road Work Rail Way Construction Material P. CO” kompaniýasy bilen şertnama baglaşar.

Gurluşyk işlerine 2018-nji ýylyň noýabr aýynda başlamak we metjidi 2020-nji ýylyň dekabr aýynda ulanmaga taýýar etmek bellenilýär, emma onuň türkmen gaznasyna näçe serişdä düşjekdigi aýdylmaýar.

Şeýle-de neşir Kabulda türkmen wekiliýetiniň OYR-nyň prezidenti Mohammad Aşraf Gani tarapyndan kabul edilendigini, duşuşygyň dowamynda TOPH gaz geçirijisini, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan elektrik geçirijisini we demir ýoly gurmak babatdaky taslamalary durmuşa geçirmek meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşylandygyny habar berýär.

Goňşy ýurtdaky howpsuzlyk ýagdaýlary bilen baglylykda, ekspertleriň köpüsi Türkmenistanyň Owganystanda durmuşa geçirmekçi bolýan energiýa we transport taslamalaryna şübheli garaýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG