Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

AÖB Türkmenistana elektrik geçirijileriniň kuwwatyny artdyrmak üçin $500 million karz berýär


Balkanabatda toguň ýygy-ýygydan kesilmegi köne elektrik transformatorlary bilen düşündirilýär

Aziýa Ösüş bankynyň (AÖB) direktorlar geňeşi Türkmenistanyň elektrik geçirijileriniň kuwwatyny, ýurduň elektrik üpjünçiliginiň we goňşy ýurtlara iberýän elektrik energiýasynyň ygtybarlylygyny artdyrmak üçin $500 million karz bermegi tassyklady diýip, Azernews neşiri AÖB-ä salgylanyp habar berýär.

“Türkmenistanyň goňşy ýurtlara elektrik eksportuny artyrmak boýunça düýpli mümkinçiligi bar, bu onuň ykdysadygalkynyşyna we ösüş perspektiwalaryna itergi berer” diýip, neşir AÖB-nyň Merkezi we günbatar Aziýa bölüminiň başlygy Aşok Bhargawanyň sözlerini sitirleýär.

Habarda aýdylmagyna görä, Milli energiýa ulgamynyň pugtalandyrylmagy baradaky taslama Türkmenistanyň elektrik pudagyndaky ilkinji halkara maliýe edarasynyň taslamasy bolup, ýurduň bäş regionynyň dördüsini öz içine alar we özara baglanyşykly milli elektrik ulgamyny gurmaga ýardam eder.

Şeýle-de bu taslamanyň Türkmenistanyň Gazagystan, Gyrgyzystan, Pakistan, Täjigistan we Özbegistan bilen elektrik söwdasyny etmek mümkinçiligini güýçlendirjegi, Owganystana satýan toguny artdyrjagy aýdylýar.

Türkmenistanyň regionlarynda, könelen we ýyllarboýy täzelenmeýän geçirijiler sebäpli ýygy-ýygydan tok kesilýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG