Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranyň ozalky ministri maliýe galplyklarynda aýyplanýar


Pariz Kazemi Tähranyň Ewin türmesine äkidilipdir.

Eýranda ýurduň ozalky bolçulyk we jemgyýetçilik howpsuzlygy minstri maliýe galplyklarynda aýyplanyp tussag edildi.

Eýranyň resmi IRNA habarlar gullugynyň beren maglumatyna görä, Pariz Kazemi geçen anna güni Tähranyň Ewin türmesine äkidilipdir.

Kazemi 2006-njy ýylda şol wagtky prezident Mahmud Ahmadinejad bilen oňuşman ministr wezipesinden çekilipdi. Şondan soň, ol maliýe pudagynda işledi.

Ahmadinejadyň ýaranlarynyň ençemesi howpsuzlyk ýa-da maliýe galplyklarynda aýyplanyp, türmä basylypdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG