Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nawalna Russiýany terk etmek gadagan edildi


Alekseý Nawalny
Alekseý Nawalny

Rus oppozisiýa syýasatçysy Alekseý Nawalny resmileriň ony ýurtdan çykarmaýandygyny aýdýar.

Kremliň ýiti tankytçysy Nawalny aeroportdaky pasport barlag nokadynda oňa “ýörite barlag çäreleri” diýip, uçara goýbermändiklerini aýtdy.

Nawalny resmileriň “onuň ýurtdan goýberilmeli däldigi barada käbir kagyzlary görkezendiklerini, emma munuň sebäbini düşündirmändiklerini” hem sözüne goşdy.

Nawalny Adam hukuklary boýunça Ýewropanyň Sudunyň öz işi bilen baglylykda çykarjak hökümi bilen tanyşmak üçin ýola çykypdy.

Düýbi Strasburgda ýerleşýän sud Nawalnynyň 2012-14-nji ýyllar aralygynda ýedi gezek bikanun tussag edilendigi boýunça Russiýa garşy bildirilýän aýyplamalaryň esasynda özüniň soňky kararyny çykarmaly.

Prezident Wladimir Putiniň tankytçysy we ýygy-ýygydan tussag edilýän Nawalny ençeme köçe protestlerini gurnapdy; şeýle-de rus resmilerini korrupsiýada aýyplap, derňewleri çap edipdi.

XS
SM
MD
LG