Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Daşoguzda mallar köpçülikleýin gyrylýar


Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynda köçelerdäki sygyrlar. Arhiwden alnan surat.

Daşoguz welaýatynda heniz doly anyklanmadyk keselden mallar köpçülikleýin gyrylýar.

Azatlyk Radiosynyň habarçysynyň sözlerine görä, mallara mama keseliniň ýokaşandygyndan güman edilýär.

Bular barada habarçymyz 13-nji noýabrda maglumat berdi.

Onuň sözlerine görä, welaýatyň käbir maldarlary mallaryň köpçülikleýin gyrylmagy bilen bagly döwletiň weterinariýa gulluklarynyň degişli zerur çäreleri görmeýändigini aýdýar.

“Şeýle-de, käbir adamlar özlerinde garyn agyrylarynyň peýda bolup başlandygyny aýdýarlar. Hünärmenleriň aýtmagyna görä, mama keseli adama ýokaşmakda guduzlamadan soň ikinji ýerde durýar” diýip, habarçy belledi.

Habarçy häzirki wagtda mal etini iýmegiň welaýatyň ýaşaýjylarynyň saglygyna howp salýandygyny aýdýar.

Ol ýerli ýaşaýjylaryň ençemesiniň bu problema garşy özleriniň göreşmeli bolýandygyny gürrüň berýär.

“Bir mal eýesiniň 17 sygry bardy. Mundan bir aý ozal olaryň onusyna kesel ýolukdy. Ol mallaryň galanyny deger-degmez bahadan tizden-tiz satyp ýetişdi” diýip, habarçy aýtdy.

Satylan mallara keseliň ýokaşandygy ýa-da däldigi mälim däl.

Bu habarlar boýunça degişli döwlet emeldarlary ýa-da resmi maglumat serişdeleri gürrüň gozgamaýar.

Ýatlasak, Azatlyk oktýabryň aýagynda Balkan welaýatynda düýeleriň arasynda dörän näbelli ýokanç kesel barada maglumat beripdi.

Ýurduň günbatarynda düýeleriň arasynda dörän näbelli kesel sebäpli oktýabryň ikinji ýarymynda onlarça düýe öldi.

Balkanyň Etrek etrabynyň “Madaw” obasy düýe ölümleri sebäpli karantina alyndy.

Noýabryň başynda Weterinariýa gullugyndan ýurt boýunça düzülen 10 adamlyk hünärmen topary Madawda bolup käbir barlag işlerini geçirdiler, hem-de mama keselinden ölýändigi güman edilýän düýeleriň, aslynda, açlykdan ölýändigini öňe sürdüler.

Weterinariýa gullugynyň Balkana eden sapary Azatlyk Radiosynyň regiondaky düýe ölümleri barada jemgyýetçilige maglumat bermeginiň yz ýanyna gabat geldi.

Häkimiýetleriň düýeleriň açlykdan ölýändigini öňe sürýändigine garamazdan, Balkan welaýatynyň beýleki etraplarynda, şol sanda Balkanabat şäherinde, Türkmenbaşy şäherinde, Bereket we Serdar etraplarynda düýe etini satmak boýunça girizilen gadagançylyk öz güýjünde galdy.

Balkan welaýatynyň maldarlary düýedarçylyk bilen giňden meşgul bolýar.

Ýerli ýaşaýjylaryň aýtmagyna görä, düýe eti etiň beýleki görnüşlerinden, şol sanda sygyr etinden has arzan bahadan satylýar.

Türkmenistanda 2014-nji ýylyň noýabr aýynda kabul edilen Weterinariýa işi hakyndaky kanun esasynda döwlet haýwanlaryň aýratyn howply ýokanç keselleri we beýlekiler bilen kesellemeginiň ýa-da olaryň adamlar ýokaşmagynyň öňüni almak boýunça iş geçirmek bilen borçlanýar.

Ne Daşoguzda mallaryň köpçülikleýin gyrylmagy, ne-de Balkanda düýeleriň näbelli keselden ölmegi barada Türkmenistanda resmi derejede maglumat berilmeýär.

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG