Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Azatlygyň habaryndan soň, häkimiýetler Balkandaky düýeleriň keselden däl, açlykdan ölýändigini aýdýar


Balkanyň düzünde otlap ýören düýeler. Arhiwden alnan surat.

30-njy oktýabrda Azatlyk Radiosy Balkan welaýatynda düýeleriň arasynda dörän kesel we munuň bilen baglylykda welaýatyň çäginde düýe etiniň gadagan edilmegi barada maglumat beripdi. Bu habar Türkmenistanda häkimiýetleri herekete geçirdi.

Mundan ozal Azatlygyň Balkan welaýatyna sapar eden habarçysy we ýerli çeşmesi regionyň çäginde düýelere kesel degip, olaryň arasynda oktýabr aýynyň başyndan bäri onlarça düýäniň ölendigini hem-de welaýatda düýe etiniň we çalynyň satuwynyň gadagan edilendigini habar beripdi.

Azatlygyň habaryndan soň, noýabr aýynyň başynda ýurduň Weterinariýa gullugynyň ýurt boýunça hem-de welaýat derejesinde düzülen 10 adamdan ybarat topary Balkan welaýatynyň “Madow” obasyna baryp, barlag işlerini geçirdi.

Etrek etrabynyň “Madow” obasy düýeleriň arasynda dörän ölüm wakalary sebäpli mundan ozal karantina alnypdy.

Weterinariýa gullugynyň ýörite topary 3-4 günläp dowam eden barlaglarynyň netijesinde, mama keselinden ölýändigi güman edilýän düýeleriň aslynda “açlykdan ölýändigini” aýdypdyrlar hem-de ýerli ýaşaýjylara bu barada “dowul turuzmazlygy” tabşyrypdyrlar.

Ýöne muňa garamazdan, welaýatyň çäginde mundan ozal düýe etiniň söwdasy boýunça girizilen gadagançylyk öz güýjünde galýar.

Bu ýagdaýlaryň jikme-jikligi barada Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçysy 7-nji noýabrda giňişleýin maglumat berdi. Ol bu waka boýunça “Madowyň” birnäçe ýaşaýjysy bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirendigini belledi.

“Ýörite topar ölen düýeleriň içini ýaryp, barlapdyrlar hem-de “biderek gürrüň ýaýradyp ýörmäň, düýeleriň hemmesi açlykdan ölen düýeler diýipdirler” diýip, habarçymyz gürrüňdeş bolan madowly ýaşaýjylaryna salgylandy.

Olar ýörite ugradylan toparyň degişli barlaglary ýüzleý geçirendigini aýdýarlar.

Galyberse-de, Madowa baran topary myhman almak oba geňeşliginiň üstüne ýüklenýär.

“Olary iki-üç gün myhman aldyk. Ýanlary bilen alyp giden [nusgalaryny] Aşgabatdaky laboratoriýalarda-da barlajakdyklaryny aýdyp, gitdiler” diýip madowly ýaşaýjy Azatlygyň habarçysyna gürrüň berdi.

Häkimiýetleriň düýeleriň açlykdan ölýändigini öňe sürýändigine garamazdan, häzirki wagtda Balkan welaýatynyň beýleki etraplarynda, şol sanda Balkanabat şäherinde, Türkmenbaşy şäherinde, Bereket we Serdar etraplarynda düýe etini satmak boýunça girizilen gadagançylyk öz güýjünde galýar.

Azatlygyň habarçysynyň sözlerine görä, ýerli ýaşaýjylar gadagançylygyň sebäpleri bilen gyzyklanyp, etrap häkimliklerine ýüz tutýar, ýöne olardan kanagatlanarly jogap alyp bilmeýär.

Balkan welaýatynyň maldarlary düýedarçylyk bilen giňden meşgul bolýar.

Ýerli ýaşaýjylaryň aýtmagyna görä, düýe eti etiň beýleki görnüşlerinden, şol sanda sygyr etinden has arzan bahadan satylýar.

Mundan ozal düýedarçylyk bilen meşgullanýan ençeme balkanlynyň Azatlygyň ýerli habarçysyna gürrüň bermegine görä, welaýat derejesinäki häkimiýetler Etrek hem-de Esenguly etrabyndaky düýelere “mama keseleniň” ýokuşandygyny güman edip, olary etraplaryň çäginden daşaryk çykarmazlyk üçin, düýeleri daşyna ýörite sim aýlanan meýdanlarda saklaýardy.

Azatlygyň habarçysy daşyna sim aýlanan meýdanlarda saklanýan düýeleriň sanynyň 200-den gowrakdygyny belledi.

Türkmenistanyň döwlet metbugatynda bu maglumatlar agzalmaýar.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG