Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Britan musulmanlary Asia Bibä başpena bermäge çagyrýarlar


Bäş çaganyň ejesi Bibi sekiz ýyl türme tussaglygyndan soň suduň karary bilen azatlyga goýberildi.
Bäş çaganyň ejesi Bibi sekiz ýyl türme tussaglygyndan soň suduň karary bilen azatlyga goýberildi.

Britaniýanyň belli musulmanlary, şol sanda üç ymamy Pakistanda dine dil ýetirmek aýyplamalaryndan aklanan hristiýan aýaly Asia Bibä Britaniýada başpena bermek baradaky çagyryşlara goşuldylar.

Bu baradaky çagyryş haty Britaniýanyň içeri işler ministri Sajid Jawide ýollandy. Hata parlamentiň 15 agzasy hem gol goýdy.

Mundan bir hepde öň, ölüm jezasyna höküm edilen, bäş çaganyň ejesi Bibi sekiz ýyl türme tussaglygyndan soň suduň karary bilen azatlyga goýberilipdi.

Pakistanyň Ýokary Sudunyň çykaran karary aşa dinçileriň arasynda gahar-gazaby döreti. Aşa-dinçi yslamçylar protestleri geçirip, Bibiniň öldürilmegine çagyryşlary etdiler.

Bibiniň adamsy maşgalasynyň howp astyndadygyny aýdyp, Günbatar döwletlerinden gaçybatalga sorady.

“Asia Bibiniň we onuň maşgalasynyň howpsuzlygyny kepillendirmek boýunça görüljek çäreleriň Britaniýanyň ilatynyň aglaba bölegi, jemgyýetimiziň her bir ynanjy tarapyndan goldanjakdygyna ynanýarys” diýip, Jawide ýollanan hatda nygtalýar.

XS
SM
MD
LG