Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Perry: Russiýanyň energiýa serişdelerini ýarag hökmünde ulanmagyna rugsat bermeli däl


ABŞ-nyň energiýa sekretary Rik Perry (Rick Perry)

“Russiýa taryh boýunça energiýa serişdelerini ýarag hökmünde ulanyp geldi, häzir hem ulanýar. Bu Merkezi we Gündogar Ýewropa ýurtlary üçin energiýanyň diwersifikasiýalaşdyrylmagynyň möhümdigini aňladýar” diýip, ABŞ-nyň energiýa sekretary Rik Perry (Rick Perry) aýtdy.

“Biz Kremliň energiýa serişdelerini ýarag hökmünde ulanmagyna rugsat bermeli däldiris” diýip, Perry Wengriýanyň paýtagty Budapeştde geçen metbugat ýygnagynda çykyş etdi.

ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy sebitiň döwletlerini Russiýadan satyn alýan gazynyň möçberini artdyrman, muňa derek ABŞ-dan ýa-da beýleki ýurtlardan gazy akdyrmagyny gazanjak bolýar.

Ol Wengriýa we onuň goňşy döwletlerine rus gazgeçirijilerinden ýüz öwürmäge çagyrdy. Waşington bu geçirijileriň Moskwanyň sebiti öz penjesinde saklamak üçin ulanýandygyny aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG