Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Wengriýa Gruýewskiniň gaçybatalga sorandygyny tassyklady


Nikola Gruýewski 2009-njy ýylda premýer-ministr bolan wagty Skopýedäki bir türmä aýlanýar.
Nikola Gruýewski 2009-njy ýylda premýer-ministr bolan wagty Skopýedäki bir türmä aýlanýar.

Wengriýanyň hökümeti Makedoniýanyň ozalky premýer-ministri Nikola Gruýewskiniň syýasy gaçybatalga sorap, arza bilen ýüz tutandygyny tassyklady.

2006-2016-njy ýyllar aralygynda Makedoniýanyň premýer-ministri bolan Gruýewski 13-nji noýabrda özüniň Facebook hasabynda Budapeşde aşandygyny we syýasy gaçybatalga sorandygyny mälim edipdi.

Wengriýanyň premýer-ministri Wiktor Orbanyň edarasy “beýleki bir ýurtlaryň içerki işlerine goşulmak islemeýändigini” aýtdy. Şol bir wagtda, ol “Gruýewskiniň 10 ýyllap öz ýurdunyň premýer-ministri bolandygy sebäpli, howpsuzlyk ýagdaýlaryndan ugur alnyp, wengr resmileri oňa gaçybatalga baradaky arzasyny tabşyrmaga we sesini eşitdirmäge rugsat berendiklerini” mälim etdi.

Gruýewskiniň Wengriýa aşmagyndan bir gün öň, Makedoniýanyň resmileri onuň tussag edilmegi boýunça buýruk hatyny çykarypdylar. Ol 2012-nji ýylda häkimiýetden hyýanatçylykly peýdalanmakda günäli tapylyp, 2,5 ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdi.

9-njy noýabrda sud Gruýewskiniň çykarylan höküm bilen baglylykdaky soňky şikaýat-arzasyny ret edipdi.

Skopýede Makedoniýanyň premýer-ministri Zoran Zaýew Wengriýadan Gruýewskini ekstradisiýa etmäge çagyrdy.

XS
SM
MD
LG