Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýe meshetin türklerini “goldajakdygyna” söz berdi


Ukrainanyň gündogarynda ýaşan meshetin türki ol ýerdäki konflikt sebäpli Türkiýä aşmak üçin Harkowyň aeroportyna bardy. 2015 ý.
Ukrainanyň gündogarynda ýaşan meshetin türki ol ýerdäki konflikt sebäpli Türkiýä aşmak üçin Harkowyň aeroportyna bardy. 2015 ý.

Türkiýe sowetler döwri meshetin türkleriniň Gürjüstandan Merkezi Aziýa ekstradisiýa edilmeginiň 74-nji ýyl dönümi mynasybetli eden çykyşynda olara “goldaw bermegini” dowam etdirjekdigini aýtdy.

Türkiýäniň Daşary işler ministrligi beýanat bilen çykyş edip, Ankaranyň meshetin türkleriniň “ýagdaýyny we repatriasiýa, ýagny öz dogduk ýerlerine dolanmak prosesini” “ýakyndan” yzarlaýandygyny belledi.

1944-nji ýylyň 14-nji noýabrynda sowetler ahiska türkleri diýlip hem bilinýän, meshetin türkleriniň 115 müň töweregini mallar üçin niýetlenen ulaglarda Gürjüstandan ekstradisiýa edipdi. Sowetler olary Türkiýä ygrarly bolmakda aýyplapdylar.

Merkezi Aziýanyň çöllüklerine deportasiýa edilen wagty meshetin türkleriniň 13 müňe golaýy, esasan hem ýaşulular we çagalar ýolda heläk bolupdylar.

Gürji hökümeti 2007-nji ýylda meshetin türkleriniň repatriasiýasy baradaky kanuny kabul etse-de, olar özleriniň taryhy mekanlaryna dolanmakda dürli býurokratik böwetleri bilen ýüzbe-ýüz boldular.

Dünýäde 600 müň töweregi meshetin türki bolup, olar esasan hem Azerbaýjanda, Gazagystanda, Gyrgyzystanda, Russiýada, Türkiýede, Ukrainada, Özbegistanda we ABŞ-da ýaşaýarlar.

XS
SM
MD
LG