Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Donetskdäki separatistleriň täze lideri ‘Russiýa tarap ugruň dowam etdiriljekdigini’ aýtdy


Denis Puşilin
Denis Puşilin

Ukrainanyň gündogarynda Moskwa tarapyndan goldanylýan separatistleriň täze saýlanan lideri Russiýa bilen has ýakyn gatnaşyklary gurjakdygyna söz berdi. Mundan öň, Kiýew we Günbatar bu sebite gurnalan ses berilişikleri ýazgarypdylar.

“Russiýa Federasiýasyna tarap ugur dowam etdiriler” diýip, Donetskdäki separatistleriň ýolbaşçysy Denis Puşilin saýlawlardan soň jemgyýetçiligiň öňünde eden ilkinji çykyşynda aýtdy.

“Bu diňe bir medeni ýa-da sosial integrasiýasy bilen çäklenmän, ol ykdysadyýeti hem göz öňünde tutýar” diýip, Puşilin belledi. Ol sözüni dowam etdirip: “Biz eýýäm Ukrainasyz ýaşamagy öwrendik” diýdi.

Kiýew we onuň halkara goldawçylary 11-nji noýabrda Donetskde we Luhanskda separatistleriň geçiren saýlawlarynyň sebitdäki konflikti bes etmek tagallalaryna zarba urýandygyny duýdurypdylar. 2014-nji ýylyň aprelinde başlanan konfliktde häzire çenli 10 müň 300 töweregi adam heläk boldy.

Emma, Moskwa saýlawlaryň 2014-nji ýylyň sentýabrynda baglaşylan Minsk ylalaşygynyň şertlerini bozmaýandygyny öňe sürdi.

XS
SM
MD
LG