Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen prezidenti AÖB-niň ýolbaşçysy bilen duşuşdy


Aziýanyň Ösüş bankynyň prezidenti Takehiko Nakao
Aziýanyň Ösüş bankynyň prezidenti Takehiko Nakao

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Aziýanyň Ösüş bankynyň (AÖB) ýolbaşçysy Takehiko Nakao bilen duşuşdy.

Söhbetdeşligiň dowamynda beýleki meseleler bilen bir hatarda, Türkmenistan-Owganystan- Pakistan ugry boýunça elektrik geçiriji ulgamy gurmagyň taslamasy boýunça gol çekilen ylalaşygyň ähmiýeti bellenilipdir.

Mundan öň, Aziýa Ösüş bankynyň direktorlar geňeşi Türkmenistanyň elektrik geçirijileriniň kuwwatyny, ýurduň elektrik üpjünçiliginiň we goňşy ýurtlara iberýän elektrik energiýasynyň ygtybarlylygyny artdyrmak üçin $500 million karz bermegi tassyklapdylar.

Türkmenistanyň regionlarynda, könelen we ýyllarboýy täzelenmeýän geçirijiler sebäpli ýygy-ýygydan tok kesilýär.

Türkmenistan 2000-nji ýyldan bäri AÖB-niň agzasy bolup durýar.

XS
SM
MD
LG