Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda Merkezi Aziýa sebitindäki Ykdysady Hyzmatdaşlyk maslahatlaşyldy


Aşgabat, maslahata gatnaşyjylar. TDH-nyň suraty.
Aşgabat, maslahata gatnaşyjylar. TDH-nyň suraty.

15-nji noýabrda Aşgabatda Merkezi Aziýa sebitinde Ykdysady Hyzmatdaşlyk (CAREC) programmasynyň 17-nji ministrler maslahaty geçirildi.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “CAREC 2030: Söwdany ýaýbaňlandyrmak we diwersifikasiýa ýardam bermek” atly foruma gatnaşyjylara gutlag hatyny iberdi.

Onuň sözlerine görä, Türkmenistan bu programmanyň esasy ýörelgelerini we onuň çäklerinde durmuşa geçirilýän taslamalary goldaýar.

“Energetika, söwda, gümrük meseleleri, transport, syýahatçylyk, ykdysady koridorlary döretmek, adam ösüşleri ugurlarynda hyzmatdaşlygy işjeň ýaýbaňlandyrmak bilen, bu ýyl biziň ýurdumyz bu abraýly programma başlyklyk edýär” diýip, prezident aýtdy.

2018-nji ýyl CAREC-niň 2030-njy ýyla çenli strategiýasyny durmuşa geçirmegiň başlanýan ýyly bolup durýar. Onuň esasy maksady sebitiň ykdysady durnuklylygyny saklamakdan ybarat.

G.Berdimuhamedow Türkmenistanyň bu programmanyň çäklerinde transport taslamalaryny düzmäge we durmuşa geçirmäge gatnaşýandygyny belledi.

Bu progmmanyň çäklerinde planlaşdyrýan alty koridoryň ikisi Türkmenistanyň üstünden geçip, günbatara - Azerbaýjanyň üstünden Türkiýä we Ýewropa, şeýle-de gündogara – Hytaýa, demirgazyga – Gazagystana we Orsýeter, günorta – Karaçidäki, Gawdardaky we Arap deňzindäki deňiz portlaryna çykalgany üpjün eder.

"CAREC-niň söwda ulgamynda 2030-njy ýyla çenli döwür üçin utgaşdyrylan maksatnamasy hem-de bu maksatnama boýunça 2020-nji ýyla çenli hereketleriň meýilnamasy biragyzdan goldanylandan soň, sebitde mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk etmek babatdaky bu strategik resminamalar kabul edildi" diýip, TDH habar berýär.

Neşiriň maglumatyna görä, günüň ikinji ýarymynda “Ösüş we makroykdysady durnuklylyk üçin eksporty diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek” meselesi boýunça iş maslahaty geçirilip, CAREC-niň 17-nji ministrler maslahatyna gatnaşyjy ministrleriň Bilelikdäki Beýannamasy kabul edildi.

XS
SM
MD
LG