Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetde dört türme gözegçisi türmä basyldy


Ýewgeni Makarow, Ýaroslawlda türme gözegçileri tarapyndan gynalan tussag.
Ýewgeni Makarow, Ýaroslawlda türme gözegçileri tarapyndan gynalan tussag.

Orsýetiň Çelýabinsk şäherindäki türmäniň dört gözegçisine bir tussagy ölýänçe urandyklary üçin türme tussaglygy hökümi çykaryldy.

Çelýabinsk sudy 15-nji noýabrda dört adamy wezipesinden zorlukly peýdalanmakda günäli tapyp, üç ýyldan sekiz ýyla çenli aralykda türme tussaglygyna höküm etdi.

Tussag Soltan Israilow 2015-nji ýylyň dekabrynda 2-nji düzediş koloniýasynda öli tapyldy.

Türme häkimiýetleri başda ol tussagyň özüni heläkländigini aýtdylar.

Emma 500 tussag Israilowyň ölüminiň sebäpleriniň derňelmegini talap edip, açlyk yglan etdi we bu derňew türme gözegçileriniň bäş sanysynyň tussag edilmegine alyp geldi.

Türme gözegçileriniň biri 2016-njy ýylyň maýynda, öý tussaglygy wagtynda özüni heläkledi.

Orsýetde türme gözegçileriniň, polisiýa ofiserleriniň we beýleki hukuk goraýjy işgärleriň eden-etdilikleri uzak wagtlap başyna goýberildi.

XS
SM
MD
LG