Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ghani 2015-nji ýyldan bäri 29 müňe golaý owgan esgeri öldürildi diýýär


Owgan prezidenti Aşraf Ghani.

Owganystanda 2015-nji ýyldan bäri ýurduň howpsuzlyk güýçleriniň hataryndan 29 müň gullukçy öldürildi diýip, owgan prezidenti Aşraf Ghani aýtdy.

Ghani bu sanlary Waşingtondaky Halkara Kämil Ylymlary boýunça Johns Hopkins Mekdebinde eden çykyşynda mälim etdi. Ol bu ýerde öň antopologiýa boýunça sapaklary beripdi.

Ghani 2015-nji ýylda, haçanda NATO güýçleriniň belli bir böleginiň çykarylmagy bilen ýurduň howpsuzlygynyň ýerli armiýa we polisiýa geçirilmegi netijesinde “howpsuzlyk güýçleriniň hataryndan 28 müň 529 agzasynyň ölendigini we azatlyk ugrunda şehit bolandygyny” aýtdy.

Ghani gürrüňi gidýän wagt aralygynda 58 ABŞ-lynyň hem heläk bolandygyny belledi.

“Men meýletinçi bolup owgan howpsuzlyk güýçleriniň hataryna goşulýan ähli watançylary goldasym gelýär. Bizde mejbury gulluk ýok, hiç kime basyş edilmeýär. Eger-de, adamlarda watançylyk duýgulary bolmasa, men kimdir biriniň 200 dollar üçin janyny orta atjakdygyny çaklamaýaryn” diýip, Ghani sözüne goşdy.

Mundan öň, owgan hökümeti diňe belli-belli çaknyşyklarda çeken ýitgileri barada maglumatlary äşgär edýärdi.

XS
SM
MD
LG