Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tramp ABŞ-nyň Haşogginiň öldürilmegi meselesinde ahyrky netijä ýakynda geljekdigini aýtdy


Saudly žurnalist Jamal Haşoggi. Arhiw suraty, Dubaý, 8-nji maý, 2012

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Waşingtonyň saudly žurnalist Jamal Haşogginiň öldürilmegine kimleriň gatnaşandygy baradaky ahyrky netijä indiki hepdäniň başynda geljekdigini aýtdy.

ABŞ-nyň aňtaw gulluklarynyň gelen netijesine görä, onuň öldürilmegini Saud Arabystanynyň täç geýdirilen şazadasy Muhammad bin Salman buýrupdyr.

Tramp 17-nji noýabrda ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatynda žurnalistlere “gelýän iki günde biz örän doly hasabata eýe bolarys, belki-de birinji ýa ikinji gün” diýdi.

ABŞ-nyň aňtaw agentlikleri dissident žurnalisti geçen aý Türkiýede öldürmek buýrugyny iş ýüzünde patyşalygy dolandyryjy bolup durýan şazadanyň berendigine ynanýarlar.

Saud hökümeti 17-nji noýabr güni giçlik ilki “The Washington Post” gazetinde habar berlen, soňra beýleki habar serişdeleri, şol sanda AP we “Roýters” tarapyndan tassyklanan habarda aýdylýanlary ret etdi.

ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň sözçüsi Hizer Nauert (Heather Nauert) 17-nji noýabrda “ABŞ hökümetiniň [Haşoggi meselesinde] ahyrky netijä gelendigi barada golaýda çykan habarlar dürs däl” diýdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG