Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň baş harby ofiseri "Talybanyň" Owganystanda 'ýeňilmeýändigini' aýdýar


Amerikan generaly Joseph Danford
Amerikan generaly Joseph Danford

Amerikan generaly, ştab ýolbaşçylarynyň bilelikdäki komitetiniň başlygy Joseph Danford “Talyban” ýeňilmeýär” diýdi we Owganystandaky urşy soňlamagyň “harby çözgüdiniň” ýokdugyny aýtdy.

Danfordyň bu sözleri ABŞ-nyň we owgan hökümetiniň ABŞ 2001-nji ýylda ýurda goşun salaly bäri geçen wagt içinde iň kän territoriýa gözegçilik edýän “Talyban” bilen parahatçylyk gepleşiklerine başlamak synanyşyklaryny edýän wagtyna gabat geldi.

"Olar edil häzir ýeňilmeýärler, meniňçe muny aýtmak dogry bolar” diýip, Danford 17-nji noýabrda Halifaksda (Kanada) geçirilen howpsuzlyk konferensiýasynda “Talybany” nazarda tutup aýtdy.

ABŞ-nyň iň ýokary derejeli harby ofiseri Danford Birleşen Ştatlaryň we onuň NATO ýaranlarynyň “Talybany” urşy soňlamak baradaky gepleşiklere yrmak üçin harby, syýasy we ykdysady basyş görkezmek üstünde işleýändiklerini aýtdy.

"Biz “Talybanyň” haýsydyr bir pursatda ylalaşmaly boljakdyklaryny bilýändigine ynanýarys” diýip, ol aýtdy.

XS
SM
MD
LG