Pakistanyň premýer-ministri Imran Khan prezident Donald Trampyň Yslamabadyň ABŞ üçin “ýekeje-de zat” etmändigi baradaky belliklerine jogap edip, haýsy ýaran ýurduň jeňçilere garşy söweşde has köp gurban getirendigi baradaky soragy orta atdy.
Imran Khan özüniň Twitter hasabynda 2001-nji ýylyň 11-nji sentýabryndaky terroristik hüjümlerinden soň başlanan “ABŞ-nyň terrora garşy söweşinde” Pakistanyň 75 müň adamy we 123 milliard dollary ýitirendigini aýdyp, ýazgy galdyrdy.
Şeýle-de, ol ABŞ-nyň Pakistana kömek diýip “ujypsyzja” 20 milliard dollar möçberinde maliýe berendigini belledi.
Şu ýylyň dowamynda Tramp Pakistana berilýän maliýe hemaýatyndan umumy hasapda 800 million dollary kesipdi. Tramp Pakistanyň öz serhet çäklerinde owgan “Talybanynyň” we “Hakkani” toparynyň howpsuz ýagdaýda ýaşaýan sebitlerini ýok etmekde ýeterlik iş etmändigini aýtdy.
Pakistan bu aýyplamalary ret etdi.
Bu aralykda, Pakistan Trampyň belliklerine protest bildirmek üçin, ABŞ-nyň Yslamabatdaky Chargé d'Affairesini, ýagny ilçiniň ýok wagty onuň wezipesini ýerine ýetirýän diplomatyny çagyrdy.