Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kabulda ruhanylara edilen hüjümde 55 adam öldi


Hüjümde ýaralanan adamlar keselhana äkidilýär.
Hüjümde ýaralanan adamlar keselhana äkidilýär.

Kabulda dini wekilleriniň ýygnanyşygynda janyndan geçeniň amala aşyrylan hüjüminde azyndan 55 adam öldi, onlarçasy hem ýaralandy.

Owgan resmileri sişenbe güni bolan hüjümiň guramaçylaryny anyklamak ugrunda derňew geçirýärler.

“Talyban” bu hüjüme ilteşiginiň ýokdugyny öňe sürdi.

Ulema Geňeşi Muhammet Pygamberiň doglan gününi bellemek maksady bilen, Owganystanyň çar künjeginden dini ruhanylary Kabula çagyrypdy.

“Häzirki pursat bu hüjümiň arkasynda haýsy jeňçi toparynyň durandygy belli däl. Derňew desplapky ýagdaýynda” diýip, ýokary derejeli derňewçileriň biri maglumat berdi.

Owganystanyň iň iri dini guramasy, Ulema Geňeşi, ýygnanyşyga diňe sünni musulmanlarynyň wekillerini çagyrypdy.

Şol bir wagtda, mundan öň “Talyban” we “Yslam döwleti” ekstremistik toparlary owgan hökümeti bilen hyzmatdaşlyk edýän dini wekillerine hüjüm edipdiler.

Emma, hüjümiň yzy bilen “Talyban” muňa ilteşiginiň ýokdugyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG