Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hytaýyň Karaçidäki konsulhanasyna hüjüm eden hüjümçiler öldürildi


Hytaý maşgalalary we Pakistanyň harby deňizçileri Hytaýyň harby gämisini garşy alýarlar, Karaçi, 9-njy fewral, 2017

Pakistanyň polisiýasy Hytaýyň Karaçidäki konsulhanasyna hüjüm eden janyndan geçen söweşiji bolmakda güman edilýän üç adamy olaryň bina girmeginden ozal öldürdi. Pakistanyň hökümeti bu wakany Yslamabadyň we Pekiniň arasyndaky strategik hyzmatdaşlyga garşy “dildüwşük” diýip atlandyrdy.

“Baloçistan azat ediş goşuny” (BLA) diýlip, atlandyrylýan gozgalaňçy toparyň öz üstüne alan bu hüjümi zerarly iki polisiýa ofiseri wepat boldy.

“Ýagdaý gözegçilik astynda, hüjümçiler üçdi we olaryň ählisi öldürildi ... olar wiza bölümine girmäge synanyşypdy” diýip, polisiýanyň ýolbaşçysy Amir Şaih žurnalistlere aýtdy.

Pakistanyň telewideniýesi partlamanyň sesiniň şäheriň berk gorag astyndaky Klifton atly böleginde hem eşidilendigini habar berdi.

Şol bir wagtyň özünde-de, Pakistanyň daşary işler minsitrliginiň 21-nji noýabra aýtmagyna görä, Hytaýyň ilçihanasynyň içinde bolan işgärler aman galypdyr.

BLA toparynyň metbugat-wekili hüjüm synanyşygyna jogapkärçiligi boýun aly. 23-nji noýabrda bolan ýene bir hüjüm Pakistanyň demirgazyk günbataryndaky şäherçede boldy. Bu ýerde azyndan 12 adam wepat boldy we 20 adam ýaralandy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG