Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Bellingcat” Çernogoriýada başa barmadyk agdarylyşyk bilen bagly ikinji orsýet ofiseriniň adyny mälim etdi


Çernogoriýada agdarylyşyk synanyşygyna gatnaşykda güman edilýänleriň Interpol tarapyndan çap edilen surat, 2016

“Bellingcat” derňew topary we Orsýetiň “The Insider” atly websaýty 2015-nji ýylda Çernogoriýada agdarylyşyk etmek synanyşyga gatnaşmakda guman edilýän Orsýetiň GRU harby razwedkasynyň ikinji ofiseriniň şahsyýetini anyklandyklaryny habar berdiler.

Çernogoriýanyň häkimiýetleri Balkan ýurdunyň NATO goşulmagynyň öňüni almak boýunça dildüwüşigi gurnamakda Orsýetiň GRU edarasynyň iki ofiserini aýypladylar.

Çernogoriýanyň harby bileleşige goşulmagyna garşy çykan Moskwa öňe sürlen çaklamalary ret etdi.

Çernogoriýa NATO iýun aýynda goşuldy.

Mundan öň “Bellingcat” we “The Insider” GRU-nyň güman edilýän birinji ofiseriniň Eduard Şişmakowdygyny habar beripdi, emma 22-nji noýabrda guman edilýän ikinji ofiseriň anyklanandygyny we Wladimir Moiseewdigini mälim etdiler. Çernogoriýanyň prokurorlary ony lakam ady bilen Wladimir Popow hökümünde tanaýarlar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG