Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko Kiýewiň NATO we Ýewropa Bileleşigine goşulmak ymtylmalary bilen baglylykda ýurduň konstitusiýasyny üýtgetmegi we muňa döwletiň strategik maksatnamalary hökmünde çemeleşmegi Moskwa üçin “biziň müdimilik we yza gaýtmazdan aramyzy açýanymyz” hakynda güýçli “habar” bolmaly diýdi.
Ukrainanyň prezidenti 22-nji noýabrda kanun çykaryjylaryň öňünde eden çykyşynda Orsýetiň “agressor döwletdigini” we onuň Ukrainanyň iki gündogar guramasyna goşulmagyny “gadagan" edip bilmejegini belledi.
Poroşenko bu çykyşyny Ukrainanyň konstitusiýasyna ýurduň iki günbatar guramasyna goşulmak boýunça strategik maksatnamasyny goşmak boýunça düzedişleri kanun cykaryjylaryň biragyzdan makullamagynyň öňüsyrasynda etdi.
"NATO we Ýewropa Bileleşigine goşulmaklyga tarap bu hökmany ugry kesgitlemek arkaly biz Moskwa habar ýetirýäris: biz aramyzy müdimilik we gaýtarmasyz açýarys” diýip, UNIAN agentligi Poroşenkony sitirledi.