Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owgan metjidinde namaz okaýan esgerlere garşy guralan hüjümde 12 adam öldi


Metjide edilen hüjümde azyndan 12 adam öldi.

Owganystanyň gündogaryndaky Host welaýatynda, goşun bazasynyň içindäki metjitde juma namazyna ýygnanan adamlaryň arasynda özüni partladan bombaçy azyndan 12 adamy öldürdi diýip, ýerli resmiler 23-nji noýabrda habar berdiler.

Host welaýatynyň gubernatory Talib Mangal Azatlyk radiosynyň Owgan gullugyna, deslapky sanawa görä, partlama netijesinde 33 adamyň ýaraly bolandygyny aýtdy.

Habar gulluklarynyň käbiri owgan resmilerine salgylanyp, ölenleriň sanyny 26, ýaraly bolanlaryň sanyny 50-den gowrak diýip görkezýär.

Namaza duran esgerleri nyşana alan hüjümiň jogapkärçiligini häzirlikçe hiç kim öz üstüne almady. Owgan prezidenti Aşraf Gani bu hüjümi ýazgaryp, onuň “yslama garşy, adamkärçilige sygmaýan” hüjümdigini aýdyp çykyş etdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG