Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Dünýä nebit bahalary tapgyr ýedi aý arzanlaşykdan soň iň pes derejesine düşdi


Nebit nyrhlary 2017-nji ýylyň oktýabryndan bäri iň pes derejesine düşdi. 
Nebit nyrhlary 2017-nji ýylyň oktýabryndan bäri iň pes derejesine düşdi. 

Dünýä nebit bahalary bir ýyldan gowrak wagt içinde tapgyr ýedi aý nyrh peselmesinden soň iň pes derejesine düşdi.

ABŞ-nyň kesgitlenen nebit bahalarynyň her barreliniň $50.42, Londondaky Brent nebit bahasynyň 23-nji noýabrda 6.1 prosent, ýagny her barreli $58.8 derejesine düşmegi bilen, nebit nyrhlary 2017-nji ýylyň oktýabryndan bäri iň pes derejesine düşdi.

Soňky aýlarda nebit önümçiligi oňa bolan talapdan has çalt ösüp, nebit artykmaçlygy aladalaryny döretdi we nebit öndürýän esasy ýurtlaryň nebit öndürmegi azaltmak barada maslahat etmegine alyp geldi.

Nebit eksport edýän ýurtlaryň gurmasynyň (OPEC) agzalarynyň 6-njy dekabrda boljak duşuşandan soň, nebit önümçiliginiň azaldylyp başlanmagyna garaşylýar.

Dünýä nebit bahalary şu wagta çenli noýabrda ortaça 20 prosent çemesi aşak gaçdy.

XS
SM
MD
LG