Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistanda hristian aýala garşy zorlukly protest gurnan ruhany tussag edildi


Khadim Hussain Rizwi

Pakistan häkimiýetleri goldawçylary küpür geplemek aýyplamasyndan aklanan hristian aýala garşy zorlukly ýygananyşyklary guran radikal yslam ruhanysyny tussag etdi.

Aşa-sagçy dinçi hereketiň, “Tehrik-e Labbaik” partiýasynyň lideri Khadim Hussain Rizwiniň 23-nji noýabr güni giçlik ýurduň gündogaryndaky Lahor şäherinde tussag edilendigi partiýanyň çap eden beýanatynda habar berilýär.

Polisiýa Rizwiniň tarapdarlarynyň ol alnyp gidileninden soň kän wagt geçmänkä polisiýa bilen çaknyşandygyny, azyndan bäş adamyň ýaraly bolandygyny aýtdy. Ruhanynyň ýigrimi çemesi goldawçysy polisiýa tarapyndan tussag edildi diýip, partiýanyň beýanatynda aýdylýar.

Rizwi şu aýyň başynda ýurduň birnäçe şäherinde Ýokary suduň 31-nji oktýabrda Asia Bibini aklamak we türmeden boşatmak barada gelen kararyna garşy üç günläp geçirilen zorlukly proteste ýolbaşçylyk etdi.

Bibi küpür geplemek aýyplamasynda günäli tapylyp, sekiz ýyllap ölüm jezasy berlen tussaglaryň arasynda oturdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG