Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystanda ýene bir amerikan esgeri wepat boldy


Owgan harbylary

ABŞ goşuny Owganystanda ýene bir esgeriniň wepat bolandygyny habar berdi. Bu uruşdan tozan ýurtda şu ýylda ölen amerikan esgerleriniň sanynyň dokuza ýetendigini aňladýar.

Harbylar 24-nji noýabrda çap eden beýanatlarynda esgeriň şahsyýeti, nirede we haçan ýogalandygy barada maglumat bermediler.

Owganystanda häzir 14,000 çemesi amerikan esgeri gulluk edýär, ABŞ we NATO bu ýurtdaky söweş missiýasyny resmi taýdan 2014-nji ýylda tamamlady.

Ýurtda saklanyp galan günbatar güýçleri esasan owgan howpsuzlyk güýçlerine tälim we geňeş bermek işleri bilen meşgullanýar. Owgan howpsuzlyk güýçleri “Talybanyň” we beýleki jeňçi toparlaryň garşylykly hüjümlerine gaýtawul bermek ugrunda darkaş gurýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG