Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Rumyniýada baha dawalarynyň fonunda täze katedral açyldy


Halkyň Halas bolmagy Katedralynda geçirilen dini hyzmata gatnaşmak üçin on müňlerçe adam ýygnandy. 25-nji noýabr, 2018 ý.

Rumyniýada konstantinopolyň älem patriarhy we rumyn prawoslaw kilisesiniň ýolbaşçysy Buharestde täze uly katedraly açdylar. Şol bir wagtda, bu jemgyýetçilik pullarynyň harçlanmagy boýunça käbir nägilelikleri döretdi.

Halkyň Halas bolmagy Katedralynda geçirilen dini hyzmata gatnaşmak üçin on müňlerçe adam ýygnandy. Hyzmaty dünýädäki ähli prawoslaw hristiýanlarynyň lideri hasaplanýan patriarh Warfolomeý I we rumyn patriarhy Daniel geçirdiler.

120 metr beýiklikdäki katedralyň gurluşygyna 2010-njy ýylda başlanyp, ony 2024-nji ýyla çenli doly gutarmak göz öňünde tutulýar. Rumyniýanyň Prawoslaw Patriarhaty entek doly tamamlanmadyk Katedralyň gurluşygyna häzire çenli 110 million ýewronyň, ýagny 125 million töweregi dollaryň harçlanandygyny mälim etdi.

Serişdeleriň dörtden üç bölegi jemgyýetçilik pullaryndan alyndy. Bu ädim keselhana ýaly desgalara zerurlyk çekýändigi aýdylýan Rumyniýada belli bir nägilelikleri döretdi.

Rumyniýanyň 20 millionlyk ilatynyň 86%-i prawoslaw hristiýanlarydyr.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG