Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Dünýäniň iň uly tehnologiýa kompaniýalarynyň arasynda ABŞ-nyň şereketleri birinji orunlary eýeleýär


"Apple" kompaniýasynyň logotipi
"Apple" kompaniýasynyň logotipi

Birleşen Ştatlaryň “Apple Inc.” we “Microsoft Corp.” ýaly kompaniýalary öz ugry boýunça diňe ilkinji orunlary eýelemän, eýse olaryň tehnologiýalary we önümleri dünýä bazaryndaky ornuny tapdylar.

“HowMuch.net” websaýty Birleşen Ştatlaryň tehnologiýa boýunça liderligini görkezmek üçin dünýäniň 50 uly tehnologiýa kompaniýasynyň bazar kapitallaşdyrmasyny görkezýän infografik çap etdi. Bu infografigiň kömegi bilen, ABŞ-nyň kompaniýalaryny dünýädäki beýleki tehnologiýa şereketleri bilen deňeşdirip bolar.

Dünýäniň iň iri 10 korporasiýasynyň ýedisi ABŞ-nyň, ikisi Hytaýyň we biri Koreýanyň kompaniýasydyr.

Infografigi taýýarlanlar Birleşen Ştatlaryň kompaniýalary bilen bäsdeşleriniň pozisiýalaryny görkezmek üçin gürrüňi edilýän kompaniýalary bäş kategoriýa böldüler. Kategoriýa laýyklykda, ABŞ-nyň kompaniýalary media pudagyndan başga tas ähli ugurlar boýunça daşary ýurtly bäsdeşleriniň çynlakaý problemalary bilen ýüzbe-ýüz bolýar.

Infografikde bellenmegine görä, dünýäniň uly tehnologiýa kompaniýalary şulardan ybarat:

1. Apple (ABŞ) – 1.1 trillion dollar

2. Amazon.com (ABŞ) – 962 milliard dollar

3. Microsoft (ABŞ) – 883 milliard dollar

4. Alphabet (ABŞ) – 839 milliard dollar

5. Facebook (ABŞ) – 460 milliard dollar

6. Alibaba (Çin) – 412 milliard dollar

7. Tencent Holdings (Çin) – 383 milliard dollar

8. Samsung Electronics (Koreya) – 297 milliard dollar

9. Cisco Systems (ABŞ) – 224 milliard dollar

10. Intel (ABŞ) – 222 milliard dollar.

“Infografikdäki ilkinji orunlary Demirgazyk Amerikanyň kompaniýalary eýeleýär we olaryň aglabasynyň baş ştaby Kaliforniýanyň Silikon jülgesinde ýerleşýär. Bu infografikde Hytaý ikinji oruny eýeleýär. Hytaýyň dünýäniň iň iri 50 kompaniýasynyň arasynda birnäçe şereketi bolsa-da, olaryň göwrümi Apple, Amazon we Microsoft ýaly dünýäniň tehnologiýa liderleriniň ýaryna hem ýetmeýär” diýip, “HowMuch.net” websaýtynyň kontent boýunça direktory Raul Amoros aýtdy.

Galyberse-de, ol "Apple" (1.1 trillion) kompaniýasynyň bir älem-jahany bolsa, galan şereketleriň ählisiniň bir älem-jahanynyň bardygyny belleýär.

“Apple kompaniýasynyň iPhone mobil telefonyna ýeke täk bäsdeş bolan Samsung (297 milliard dollar) Günorta Koreýadan saýlanan ýeke täk şereketdir. Ýöne Apple bu şereketden tas dört esse uludyr” diýip, Amoros belledi.

XS
SM
MD
LG