Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Owganystanda prezidentlik saýlawlaryny yza süýşürmek planlaşdyrylýar


Owganystanyň saýlaw resmileri ses berilişigiň netijelerini sanaýarlar. Arhiw suraty.

Owganystanda saýlaw resmileri geljek ýylyň apreline planlaşdyrylan prezidentlik saýlawlaryny yza süýşürmek mümkinçiliklerine garaýandyklaryny mälim etdiler. Bu aralykda, owgan resmileri ýakynda geçirilen parlament saýlawlaryndaky sesleri sanamakda dürli kynçylyklary başdan geçirýärler.

Garaşsyz Saýlaw Komissiýasy 20-nji aprele planlaşdyrylan saýlawlaryň üç aý möhlet bilen yza süýşürilmeginiň mümkindigini, emma bu ugurdaky gepleşikleriň häzir diňe başlangyç tapgyrdadygyny hem mälim etdi.

Oktýabrda geçirilen parlament saýlawlarynda ýüze çykan tehniki we logistiki meseleler sebäpli, ol ýiti tankyda uçrapdy.

Häzire çenli ses berilişigiň deslapky netijeleri Owganystanyň 33 welaýatynyň diňe 10-synda yglan edildi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG