Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Şinjiangly gazaklar ýakynlarynyň Hytaýdan çykarylmaýandygyny aýdýarlar


Hytaýyň Şinjiang sebitindäki etniki gazaklar doga edýärler. Arhiw suraty.
Hytaýyň Şinjiang sebitindäki etniki gazaklar doga edýärler. Arhiw suraty.

Hytaýyň demirgazyk-günbataryndaky Şinjiang sebitinden gelen etniki gazaklar – Gazagystanyň hemişelik ýaşamaga rugsat beren – ýakynlarynyň Hytaýdan goýberilmeýändigini aýdýarlar.

Şinjiangly gazaklaryň birnäçesi Astanada žurnalistlere beren interwýusynda Pekiniň öz ýakynlaryny yzyna çagyrandygyny, emma soňy bilen, Gazagystanda hemişelik ýaşamaga rugsatlarynyň bardygyna garamazdan, olaryň ýurtdan çykmagyna rugsat bermändigini aýtdylar.

Metbugat ýygnagynda çykyş eden etniki gazaklar Hytaýda öz ýakynlaryndan gazak dokumentleriniň we syýahatçylyk pasportlarynyň alnandygyny hem mälim etdiler.

Olar bu meseläni çözmek üçin Gazagystanyň Daşary işler ministrligine hem ýüz tutandyklaryny, emma onuň beýleki bir ýurduň içerki işine gatyşyp bilmeýändigi aýdyp jogap berendigini hem öňe sürdüler.

Daşary işler ministrligi bu aýyplama boýunça häzirlikçe resmi ýagdaýda çykyş etmedi.

XS
SM
MD
LG