Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gürjüstanda prezidentlik saýlawlarynyň ikinji tapgyry geçýär


Gürjüstanlylar täze prezidenti saýlaýarlar. 28-nji noýabr, 2018 ý.
Gürjüstanlylar täze prezidenti saýlaýarlar. 28-nji noýabr, 2018 ý.

Gürjüstanlylar ýurduň nobatdaky prezidentini saýlamak üçin ses berýärler.

Saýlawlaryň ikinji tapgyrynda Fransiýada doglan Salome Zurabişwili we Grigol Waşadze dalaş edýärler.

66 ýaşly Zurabişwilini ýurduň ozalky premýer-ministri, milliarder Bidzina Iwanişwiliniň häkimiýet başyndaky “Gürji arzuwy” partiýasy goldaýar.

60 ýaşly Waşadza bolsa, ozaky prezident Mihaýil Saakaşwiliniň esaslandyran “Birleşen Milli Hereket” partiýasynyň ýolbaşçylygyndaky oppozisiýa toparlary arka çykýarlar.

Kandidatlaryň ikisi hem ozal ýurduň daşary işler ministri bolup işläpdiler.

Gürjüstanyň ABŞ we ÝB bilen gowy gatnaşyklary bar. Günorta Kawkaz respublikasynyň goňşy Russiýa bilen gatnaşyklary, 2008-nji ýyldaky bäş günlük uruşdan soň, dartgynly bolmagyna galýar.

Prezidentlik saýlawlarynyň birinji tapgyrynda Zurabişwili sähel artykmaçlyk bilen Waşadzeden köp sesleri almagy başarypdy.

XS
SM
MD
LG