Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Skopýjede Makedoniýanyň adynyň üýtgedilmegine garşy protest geçdi


Protestçiler Makedoniýanyň adyny üýtgetmek boýunça gelen ylalaşyga garşy protest geçirýärler. 28-nji noýabr, 2018 ý.

Makedoniýanyň paýtagty Skopýede aşa-sagçy oppozisiýadaky protestçileriň müňlerçesi premýer-ministr Zoran Zaýewiň goňşy Gresiýa bilen ýurduň adyny üýtgetmek boýunça gelen ylalaşygyna garşy protest geçirdiler.

Protestçilere geçen ýyl häkimiýetden çetleşdirilen milletçi VMRO-DPMNE partiýasy ýolbaşçylyk etdi. Bu partiýanyň Zaýewiň baglaşan ylalaşygyny aradan aýyrmak ugrundaky tagallalary häzirlikçe netije bermän gelýär.

Makedoniýanyň ady Demirgazyk Makedoniýa diýip üýtgedilse, onuň goňşusy Gresiýa bilen uzak ýyllap dowam edýän konflikti hem tamamlanar. Afinylar hem öz gezeginde Makedoniýanyň NATO we Ýewropa Bileleşigine goşulmak tagallalaryny böwetlemegini bes eder.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG