Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Duşenbe täjik raýatynyň Moskwanyň polisiýa edarasynda ölmeginden soň düşündiriş sorady


Täjigistanyň içeri işler ministri Ramazan Rahimzoda

Täjigistan bir täjik raýatynyň polisiýanyň Moskwadaky tussaghanasynda ölmeginden soň, Russiýadan düşündiriş sorady.

Ilkhomuddin Şoýew 21-nji noýabrda Moskwanyň polisiýa edarasynda ölüpdi. Merhumyň kakasy Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşliginde oglunyň erbet ýenjilendigine çalym edýändigini aýtdy.

Täjigistanyň içeri işler ministri Ramazan Rahimzoda özüniň russiýaly kärdeşi Wladimir Kolokoltsewden munuň bilen baglylykda düşündiriş sorady. Mundanam başga, Rahimzada Kolkoltsewe Şoýewiň ölümi boýunça geçirilýän derňewe gözegçilik etmäge çagyrdy.

Moskwanyň polisiýasy 38 ýaşly Şoýewiň ýürek ýetmezçiliginden ölendigini aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG