Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝB-niň Merkezi Aziýa boýunça wekili Gyrgyzystana bardy


Peter Burian

Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Peter Burian, Gyrgyzystan bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen, Bişkege sapar edýär.

ÝB-niň Bişkekdäki edarasynyň beren maglumatyna görä, Burian Gyrgyzystanyň parlamentiniň başlygy Dastanbek Jumabekow, premýer-ministri Muhammedkalýi Abylgaziýew we daşary işler ministri Çyngyz Aýdarbekow bilen gepleşikleri geçirer.

Mundanam başga, ýewropaly resmi Gyrgyzystanyň graždançylyk jemgyýetiniň wekilleri we daşary ýurtly diplomatlar bilen hem duşuşar.

Burian soňky gezek Gyrgyzystana fewralda sapar edipdi. Mundan iki aý öň, Bileleşik bilen Gyrgyzystanyň arasyndaky gatnaşyklary düzgünleşdirjek täze ylalaşygy baglaşmak ylalaşylypdy.

2017-nji ýylyň dekabrynda ÝB täze ylalaşygyň 1999-njy ýylda baglaşylan Gyrgyzystan-ÝB Partnýorlyk we Hyzmatdaşlyk ylalaşygynyň ornuny tutjakdygyny aýdypdy. Täze ylalaşykda syýasy we ykdysady hyzmatdaşlyk bilen birlikde, söwda we sermaýa gatnaşyklary hem düzgünleşdiriler.

Gyrgyzystanyň Moskwa bilen ýakyn gatnaşyklary bolup, ol Russiýanyň ýolbaşçylygyndaky Ýewraziýa Ykdysady Forumynyň hem agzasydyr.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG