Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Belli hytaýly suratçy Şinjiangda ‘polisiýa tarapyndan äkidildi’


Lu Guang
Lu Guang

Hytaýly belli suratçy Lu Guang eýýäm ençeme hepde bäri ýurduň demirgazyk-günbataryndaky Şinjiang sebitinde ýitirim boldy. Bu barada onuň aýaly we hukuk toparlary maglumat berýärler.

Düýbi Germaniýada ýerleşýän Howp astyndaky adamlaryň Jemgyýeti toparynyň maglumatyna görä, mundan üç hepde ozal Şinjiang welaýatynyň polisiýasy Luny äkidipdir.

Topar Lunyň ýagdaýyna “düýpli alada” bildirýändigini aýdyp, ‘World Press Awards’ baýragynyň üç gezek ýeňijisini dessine azatlyga goýbermage çagyrdy.

Mundan öň, Lunyň aýaly adamsy bilen 3-nji noýabrdan bäri habarlaşyp bilmeýändigini aýdypdy. Ol ýan-ýoldaşynyň howpsuzlyk gulluklary tarapyndan özüne näbelli sebäplere görä äkidilendigini aýtdy.

Howp astyndaky adamlaryň Jemgyýeti topary Lu bilen ýüze çykan wakanyň “Şinjiang welaýatyndaky adam hukuklarynyň pajygaly ýagdaýyny görkezýändigini” belledi.

BMG-niň derňewçileriniň awgust aýynda beren maglumatyna görä, şinjiangly musulmanlaryň 1 milliona golaýy, esasan hem etniki uýgurlar, ýurduň “terrorçylyga garşy merkezlerinde” saklanýarlar. Mundanam başga, millionlarça adam “täzeden terbiýeleýiş lagerlerine” mejbur edilýär.

XS
SM
MD
LG