Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Gazak aktiwisti dört ýyl türme tussaglygyna höküm edildi


Aset Abişew we onuň aklawçysy Gülnara Žuaspaýewa sud zalynda. Almaty, 29-njy noýabr.

Gazak oppozision aktiwisti gadagan edilen demokratik hereketiň işine goldaw bermek aýyplamalary esasynda dört ýyl türme tussaglygyna höküm edildi.

Almaty etrap sudy 30-njy noýabrda Aset Abişewi Gazagystanyň Demokratik seçgisi hereketiniň işine gatnaşmakda we jenaýatçylykly topary maliýe taýdan goldamakda günäli tapdy.

Abişew bu hökümi ret etdi we onuň syýasy sebäpler esasynda çykarylandygyny aýtdy. Ol bu hökümden şikaýat etjekdigini hem sözüne goşdy.

Abişew 2-nji oktýabrda başlanan sud seljerişligi mahalynda Gazagystanyň Demokratik seçgisiniň ýa onuň esaslandyryjysynyň – bosgunlykdaky gazak bankiri we prezident Nursoltan Nazarbaýewiň açyk tankytçysy Muhtar Abliýazowyň ekstremist bolandygyny inkär etdi.

Gazagystan bu hereketi mart aýynda, ekstremist gurama diýip atlandyryp, gadagan etdi.

Abliýazow 2009-njy ýyldan bäri daşary ýurtda ýaşýar. Ol 5 milliard dollar çemesi puly bikanun eýelemekde güman edilip, Gazagystan, Orsýet we Ukraina tarapyndan gözlenilýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG