Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň goranmak sekretary Putini raketa şertnamasy babatda 'ikiýüzli' bolmakda aýyplaýar


ABŞ-nyň goranmak sekretary Jim Mattis. Arhiw suraty.
ABŞ-nyň goranmak sekretary Jim Mattis. Arhiw suraty.

ABŞ-nyň goranmak sekretary Orsýetiň prezidenti Wladimir Putini Sowuk uruş döwrüniň ýaraglara kontrollyk boýunça esasy şertnamasy babatda aldawçylykda, geçen hepde Ukraina bilen bolan harby gapma-garşylykda geleňsiz hereket etmekde aýyplap, berk tankyt etdi.

Jim Mattis 1-nji dekabrda eden çykyşynda Moskwanyň geçen aý orta möhlet kongres saýlawlaryna hem gatyşmaga synanyşandygyny tassyklady.

"Biz düýpden ynanyp bolmajak bir adam bilen iş salyşýarys” diýip, Mattis Kaliforniýadaky Reýgan Milli goranyş forumynda eden çykyşynda aýtdy.

"Gatnaşyklaryň ýaramazlaşandygyna hiç bir şübhe ýok” diýip, Mattis Waşingtonyň Orsýet bilen gapma-garşylygyň ilerlemegini nädip togtadyp biljegini sorady.

“Bu örän çylşyrymly ýagdaý, sebäbi jenap Putin görnetin haýal öwreniji bolup durýar” diýip, Mattis aýtdy.

"Ol öz edýän zatlarynyň hakykatda öz halkyna garşy duşmançylyk döredýändigine göz ýetirmeýär. Ol rus halkynyň iň gowy bähbitleri üçin hereket etmeýär we hakykatda NATO-nyň gaýtadan ýaraglanmagyna sebäp bolýar” diýip, ABŞ-nyň goranmak sekretary aýtdy.

XS
SM
MD
LG