Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda “Alkogolyň zyýanly täsiriniň öňüni almak hakynda” Kanun kabul edildi


Türkmenistanyň arak önümleri.
Türkmenistanyň arak önümleri.

Resmi maglumatda bellenmegine görä, bu dokumetde “alkogolyň öndürilmeginiň, dolanyşygynyň çäklendirmegi, mahabatynyň düzgünleşdirilmegi ýaly çäreleriň toplumy kesgitlenýär.

Mundan öň, şu ýylyň iýulynda Türkmenistan “adam ömrüniň ortaça dowamlylygyny artdyrmak maksady bilen” diýip milli strategiýa, “alkogolly içgileriň zyýanly täsriniň öňüni almak üçin”, hem-de “ilatyň psihiki saglygyny goramak boýunça” aýrybaşga milli maksatnamalary kabul etdi. Bularyň ählisini 2018 – 2025-nji ýyllar aralygynda berjaý etmek göz öňünde tutulýar.

Beýleki bir tarapdan, bu maksatnamalaryň kabul edilmegine gabatlap, iýul aýynyň başynda Türkmenistanyň paýtagtynda we beýleki welaýat merkezlerinde hususy dükanlarda alkogolly içgileriň satylmagyna gadagançylyk girizildi. Arak, çilim ýaly harytlaryň söwdasynyň çäklendirilmegi ilat arasynda bu harytlaryň ogryn söwdasynyň ýaýbaňlanmagyna getirýär.

XS
SM
MD
LG